Soňky habarlar

Arhiw

“Ak Tam Bazary” web sahypasynda hasaba almak aňsatlaşdyryldy

15:3318.11.2020
0
7232

“Ak Tam Bazary” onlaýn platformasy, gelýänleriň we hyzmatdaşlaryň öz web giňişliginde rahat we amatly bolmagyny üpjün etmek üçin birnäçe işeri ýerine ýetirýär.

Şunuň bilen baglylykda, taslama topary hyzmatdaşlarynyň ähli pikirlerini göz öňünde tutup, saýtda hasaba alynmagy ýönekeýleşdirdi. Ozal hasaba alynmak üçin köp gereksiz maglumatlar talap edilýärdi, hyzmatdaşlaryň özleri şahsy hasabyny doldurmak üçin sütünleri gözlemeli, goşmaça sahypalara gitmeli bolýardylar.

Indi hasaba almak has aňsatlaşdy, ýagny yzygiderlilik bar: doldurmak üçin zerur penjireler derrew görkezilýär, şonuň üçin “Ak Tam Bazary” bilen hyzmatdaş bolmak isleýänler dükanlaryny hasaba aldyrmak bilen bagly kynçylyk çekmezler.

Ak Tam Bazary topary bilen şu baglanyşyk arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň