Arhiw

Ahal welaýatynda ýylyň iň gowy söwda kärhanalary kesgitlenildi

14:3718.11.2020
0
8081

Ýakynda Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň edara binasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň alyjylar jemgyýetleriniň, önümçilik kärhanalarynyň arasynda yglan edilen «2020-nji ýylyň iň oňat kärhanasy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň jemini jemlemek hem-de ýeňijilerini sylaglamak mynasybetli dabara geçirildi. Oňa welaýatyň etraplarynyň alyjylar jemgyýetleriniň, söwda ulgamyna degişli beýleki edaralaryň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri, şeýle-de beýleki myhmanlar gatnaşdy ― diýip, «Ahal durmuşy» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň wekilleri bäsleşigiň düzgünnamasyna esaslanyp, welaýatyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň garamagyndaky kärhanalarda bolup, olarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Bäsleşigiň jemi jemlenende şol kärhanalaryň görkezijileri, esasan-da, olarda degişli talaplar boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, esasy haryt dolanyşygy we maliýe görkezijileri, dükanlarda haryt bolçulygy, gündelik sarp edilýän harytlar bilen üpjünçiligi, arassaçylyk ýagdaýy, ilata edilýän söwda hyzmatynyň derejesi, abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilip, enjamlary täzelenen dükanlaryň, ammarlaryň, jemgyýetçilik iýmiti we önümçilik kärhanalarynyň sany, dükanlarda iş düzgüniniň berjaý edilişi, dükanyň düşewüntliligi, satyjylaryň bilim derejesi, önümçiligiň guralyşy we zähmete hak tölenilişi, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilişi, wagyz-nesihat, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk işleriniň alnyp barlyşy aýratyn göz öňüne tutuldy. Bu babatdaky görkezijiler nazara alnyp, ýeňiji kärhanalar ýüze çykaryldy.

Bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak mynasybetli geçirilen dabarada ýeňiji bolan kärhanalaryň atlary yglan edildi hem-de ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçirilýän şanly ýylymyzda geçirilen nobatdaky bäsleşikde Bäherden etrap Alyjylar jemgyýeti birinji orny eýeläp, welaýatymyz boýunça «2020-nji ýylyň iň oňat kärhanasy» diýlip yglan edildi. Tejen etrap Alyjylar jemgyýeti, Ahal söwda önümçilik satyn alyş birleşigi degişlilikde ikinji, Büzmeýin hojalyk hasaplaşykly «Büzmeýin» bazary, Ahal söwda taýýarlaýyş önümçilik kärhanasy üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hormat hatlary we ýörite sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň