Soňky habarlar

Arhiw

Klublaýyn dünýä çempionaty 2021-nji ýylyň fewral aýyna süýşürildi

10:1818.11.2020
0
6416

Futbol boýunça klublaýyn dünýä çempionaty koronawirus pandemiýasy sebäpli dekabrdan fewral aýyna süýşürildi diýlip, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) saýtynda habar berilýär. Bu barada rsport.ria.ru belläp geçýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaryş öň onuň eýesi hökmünde saýlanylan Katarda 1-11-nji fewral aralygynda geçer.

“Oýna dolanmak boýunça berk teswirnamalaryň girizilmegi Kontinental klub çempionatynyň üstünlikli täzeden başlamagyna ýardam etdi, iň soňkusyny 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ýatlap geçsek, klublaýyn dünýä çempionaty alty konfederasiýadan iň güýçli klublaryň we kabul edýän ýurduň çempionynyň gatnaşmagynda her ýyl geçirilýär. Ýaryşyň häzirki çempiony “Liwerpuldyr”. Fewral aýyndan soň ýaryş täze görnüşde geçiriler: ýaryşa ýedi topar däl-de, 24 topar gatnaşar, ýaryş Konfederasiýa kubogynyň ýerine her dört ýyldan bir gezek geçiriler.

Şeýle hem, FIFA geçen ýyl Kosta-Rikada we Hindistanda geçirilmeli bolan zenanlaryň ýaşlar dünýä çempionatynyň (20 ýaşa çenli oýunçylar üçin) we gyzlaryň arasynda (17 ýaşa çenli) dünýä çempionatynyň şol ýurtlarda 2022-nji ýylda geçiriljekdigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň