Plastmassa zyňyndylaryndan elektrokar ýasaldy

23:0517.11.2020
0
1219

Angliýanyň Swindon şäherinde “Scaled” atly şereket plastmassa zyňyndylaryndan sagatda 72 km tizlik bilen hereket edýän elektrokar işläp taýýarlady. Üç ölçegli printer arkaly öndürilen ulagyň agramy 150 kilograma barabar bolup, nusgalyk görnüşde öndürildi. Inženerler bir orunlyk ulagy üç aýda döredipdirler. Ulagy işläp taýýarlanlar onuň plastmassadan ýasalandygyna garamazdan, aşa berkdigini aýdýarlar. Şereketiň ýolbaşçysy Dewid Speýt ulagyň şassisini döretmek üçin uly göwrümli printerden peýdalanandyklaryny belleýär. Speýt adamlaryň plastmassanyň ýeterlik derejede berkdigine bilmeýändiklerini, emma plastmassadan hem ulag ýasap boljakdygyny görkezmek isländiklerini belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň