Gazagystanyň «Habar 24» we «Kazakh TV» teleýaýlymlary Türkmenistanyň çäginde görkezilip başlanar

22:3317.11.2020
0
15351

Gazagystanyň «Habar 24» we «Kazakh TV» teleýaýlymlary Türkmenistanyň çäginde görkezilip başlanar.

«Habar 24» teleýaýlymynyň resmi web sahypasyna görä, Gazagystan tarapy muny resmi taýdan tassyklady.

Gazagystanyň maglumat we jemgyýetçilik ösüşi ministri Aida Balaýewa bu çäräniň daşary ýurtlarda ýaşaýan gazagystanlylaryň medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de goralyp saklanmagyna goşant goşjakdygyny aýtdy.

«Kazakh TV» ― Gazagystanyň ilkinji milli hemra teleýaýlymydyr. «Habar» agentligi bolsa ýurduň iň uly habar beriş serişdeleriniň biri. Olarda gepleşikler gazak, rus we iňlis dillerinde berilýär. Häzirki wagtda «Kazakh TV» dünýäniň 118 ýurdunda ýaýlyma berilýär. Onuň umumy tomaşaçylarynyň sany 300 milliondan geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň