Soňky habarlar

Arhiw

Bowling boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynyň ýeňijileri belli boldy

16:5317.11.2020
0
3459

Olimpiýa şäherçesiniň Ýeňil atletika toplumynyň bowling zalynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bowling federasiýasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hemaýatkärlik etmeginde bowling boýunça ýurdumyzyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa bowling sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň onlarçasy gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Iki gün dowam eden çempionatyň netijesinde ýekeleýin görnüşde erkekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Tahyr Hanmämmedow birinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Han Hangeldiýew ikinji, telekeçi Serdar Ataýew üçünji orna mynasyp bolmagy başardy. Zenanlaryň arasynda arzyly birinji orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Nasiba Orazmedowa, ikinji orny Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Hüýrbibi Kişikowa, üçünji orny bolsa Türkmenistanyň Milli tehniki welosport merkeziniň hünärmeni Bahargül Orazberdiýewa eýelemegi başardy.

Ýurt birinjiligini almak ugrunda geçirilen toparlaýyn ýaryş tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Onda öz ezberligini görkezip, erkekleriň arasynda Han Hangeldiýew bilen telekeçi Serdar Myradow birinji, Tahyr Hanmämmedow bilen Bowling federasiýasynyň türgeni Konstantin Milonow ikinji, Serdar Ataýew bilen «Çeper gurluşyk» hususy kärhanasynyň işgäri Hudaýnazar Baýramkuliýew çempionaty üçünji orunda tamamlamagy başardy. Zenanlaryň arasynda toparlaýyn ýaryşda Nasiba Orazmedowa bilen Hüýrbibi Kişikowa birinji, Bahargül Orazberdiýewa bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Roza Jumabaýewa ikinji, «Oguzkent» myhmanhanasynyň işgäri Ruzana Sarial bilen Bowling federasiýasynyň türgeni Maýýa Abdrahmanowa üçünji orna mynasyp boldular.

Çempionatda öňe saýlanyp, ýeňiji bolmagy başaran türgenlere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Bowling federasiýasynyň bilelikde taýýarlan Hormat hatlarydyr medallar, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem arzyly birinji orny eýelänlere Kuboklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň