Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda kompozitor Çary Nurymowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

16:3717.11.2020
0
15591

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Çary Nurymowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. Onda ussat kompozitoryň eserleri Döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlygynda, Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde ýaňlandy. Konserti ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen TÜRKSOÝ guramasy bilelikde gurady ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýaňlanan eserleriň arasynda kompozitoryň «Truba we orkestr üçin konsertini» Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Babaguly Goşaýew, «Gazallar» eserini Döwlet simfoniki orkestriniň sazandasy Didar Ýomudow ýekelikde goboýda, «Fortepiano we orkestr üçin konserti» milli konserwatoriýanyň mugallymy Aşyr Aşyrow ýerine ýetirdi.

Bilşimiz ýaly, Çary Nurymow birnäçe ajaýyp aýdymlary döreden ussatdyr. Ol aýdymlar ençeme ýyllaryň dowamynda ýerine ýetirilip gelinýär. Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýdan «Armanym galdy», «Näzlim uz maňa», Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň «Meniň dostum Meleguş» filminden ýerine ýetiren Altynyň aýdymy şeýle aýdymlardandyr.

Meşhur kompozitoryň eserleri daşary ýurtlarda hem giňden bellidir. Munuň şeýledigini konsertiň dowamynda görkezilen Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe ýaly döwletlerden sazandalaryň, sungat işgärleriniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklary hem bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Şeýle konsertleri geljekde ussat kompozitorlar Nury Halmämmedowyň, Weli Muhadowyň, Rejep Rejebowyň, Daňatar Hydyrowyň eserleri esasynda hem geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň