«Tesla» Kaliforniýada dünýäniň iň uly super güýçlendiriji bekedini açdy

14:3717.11.2020
0
1514

«Tesla» şereketi ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda dünýäniň iň uly super güýçlendiriji bekedini açdy. 56 sany super güýçlendiriji enjamy bolan bu desgada awtoulag eýeleriniň ulanmagy üçin bazar we restoran bar.

«Tesla» şereketiniň baş direktory Elon Mask ýokary güýçlendiriji ulgamyny çaltlyk bilen giňeldýär. Norwegiýada 20 sany super güýçlendiriji bekedi we Hytaýyň Şanhaý şäherinde 50 sany super güýçlendiriji bekedi bar bolan bu kompaniýa indi Kaliforniýa ştatynyň Faýrbo şäherinde dünýäniň iň uly super güýçlendiriji bekedini açdy.

Şanhaýdaky desgadan has uly bolan, 56 sany super güýçlendirijili bu beket «Tesla» üçin täze rekordy aňladýar. 

Beket, elektrik awtoulag öndürijisi üçin iň uly iki bazary görkezýän Aýlag sebiti bilen Los-Angelesiň arasynda ýerleşýär.

Beýleki awtoulag öndürijileri bilen deňeşdirilende has köp elektrikli awtoulag modellerini çykarýan «Tesla» floty günsaýyn ösmegini dowam etdirýär. Kompaniýa bu ösýän floty goldamaklyk üçin infrastrukturasyny, esasanam hyzmat merkezlerini, ykjam hyzmat parkyny we super güýçlendiriji beketlerini ösdürmegi dowam etdirýär. Bu nukdaýnazardan, Super güýçlendiriji ulgamyna 20,000 kuwwatlandyryş enjamyny ýerleşdirendigini ýakynda mälim eden kompaniýa, geljekde hem bu sany has-da artdyrmagy meýilleşdirýär. 56 sany super güýçlendiriji enjamly täze beket, «Tesla» şereketiniň ortaça super güýçlendiriji  bekedinden 6 esse uludyr.

Aýlag sebiti bilen Los-Angelesiň arasynda ýerleşýän bu beketde müşderileriň ulanmagy üçin bazar we restoran bar. Mundan başga-da, «Tesla» ulaglara kölege bermeklik we super güýçlendiriji bekedini elektrik bilen üpjün etmeklik üçin kuwwatlandyryş bölümlerinde gün energiýasy panelleri bilen örtükler gurdy.

Elon Mask, şuňa meňzeş desgalaryň geçen ýyl gurluşygyna başlanan  «Supercharger V3» beketleriniň işe girizilmegi bilen has köpeljekdigini aýdýar.  Şeýle hem, ol 3-nji nesil super güýçlendiriş beketleriniň esasynda, «Tesla» awtoulag eýeleriniň ulaglaryna 5 minut zarýad bermeklik bilen 120 km aralygy geçip biljekdigini öňe sürýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň