Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy S7-niň ýörite uçuşynyň yza süýşürilendigini habar berdi

12:4017.11.2020
0
37777

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz web sahypasynda S7 awiakompaniýasynyň Moskwa ― Türkmenabat ― Moskwa aralygynda öň meýilleşdirilen ýörite uçuşynyň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň ikinji ýarymyn süüşüriljekdigini habar berdi.

Uçuş şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan tarapyndan COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleriniň çäginde kabul edilen çarter uçuşlarynyň çäklendirilmegi sebäpli yza süýşürildi.

Ilçihana Türkmenistanyň ygtyýarly bölümleri bilen ylalaşyp, Russiýa Federasiýasyna ýörite uçuşlary amala aşyrmak isleýän ýolagçylaryň sanawyny düzmek işiniň dowam edýändigini habar berýär. Bu uçuş barada soňra jikme-jik habar berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň