Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýylyň ilkinji garyna şu hepdede garaşylýar

11:5817.11.2020
0
55538

Meteorologlaryň çaklamagyna görä, şu hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň ýaşaýjylary gyşyň ýakynlaşýandygyny duýarlar we ilkinji gary görerler. Bu barada meteo.gov.tm  habar berýär.

Iň ýokary sowuk ýurdumyzyň demirgazygynda bolar. Ýagny, ertir 17-nji noýabrda Daşoguz welaýatynda howanyň temperaturasy daňdan -5-den -9-a çenli peseler. Balkan, Ahal we Mary welaýatlarynda irden  -1-den -3-e çenli howanyň sowamagyna gündizine bolsa + 10 -dan  +12-ä çenli ýyly bolmagyna garaşylýar

18-19-njy noýabrda paýtagtyň ýaşaýjylary aýaz we ygally gar bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: irden termometr -1,-2, günortan  + 1 + 2 görkezer. Daşoguz sebitinde gijeki temperatura  -8  -10 çenli ýokarlanar, gündizine  -1  0 derejeden ýokary geçmez, ygal düşmez. Lebap welaýatynda irden birneme ýyly bolar: -4  -6 çenli, gündizine + 3   + 8 çenli, ýagyş ýagmaz. Balkan, Ahal we Mary welaýatlarynda howa irden -2 -5, günortan bolsa Balkan sebitinde iň yssy bolar  ýagny, 8-e çe-nli. 18-nji noýabrda çarşenbe güni Ahalda we Maryda ýagşyň we garyň ýagmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň