Kanada döwletiniň Kwebek welaýaty 2035-nji ýyldan başlap ýangyç bilen işleýän ulaglaryň satylmagyny gadagan eder

10:1217.11.2020
0
2693

Kanadanyň Kwebek welaýaty 2035-nji ýyldan başlap ýangyç bilen işleýän ulaglaryň satylmagyny gadagan etjekdigini habar berdi. Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna garşy göreşmeklik we elektrik ulaglarynyň ulanylyşyny ýokarlandyrmaklyk maksady bilen Kanadanyň ikinji uly welaýaty, 5 milliard dollarlyk geçiş meýilnamasy bilen 2030-njy ýylda zyňyndy derejesini 1990-njy ýyldaky derejesine ýetirmegi maksat edinýär.

Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudo howanyň üýtgemegine garşy göreşde ykdysady ösüşi üpjün etmeklik üçin düýpli çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini habar berdi. Bu nukdaýnazardan, hökümetiň elektrikli ulaglaryň bahalaryny has amatly etjekdigi we ýurt boýunça ulag zarýad beriş  beketlerine maýa goýjakdygy aýdylýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştaty hem 2035-nji ýylyň sentýabr aýyndan elektrik ulaglaryna geçjekdigini habar berdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň