Soňky habarlar

Arhiw

OEIS Türkmenistanyň gaz pudagy bilen gyzyklanýar

11:2916.11.2020
0
9943

Oksford energiýa gözleg institutynyň (OIES) wekili Julian Bowden muny mälim etdi ― diýip, «Trend» habar berýär. 

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň OIES-i iň köp gyzyklandyrýan esasy taraplary, gaz pudagy, gaz bazarlary we eksport akymlarydyr.  

«Türkmenistan ägirt uly gaz gorlaryna eýe we bu pudakda köp üstünlik gazandy. Şeýle görkezijileriň biri Hytaýa çekilen turbageçiriji arkaly gaz eksporty bolsa, ýene biri Owadandepdäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawoddyr» diýlip, institut tarapyndan ýokary baha berilýär. OIES Türkmenistanda gaz pudagynyň ösüşi we ýurtdan gaz eksporty barada yzygiderli maglumat almaga synanyşýandygyny hem aýtdy.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, dünýädäki dördünji uly gaz gorlarynyň eýesi bolmak bilen Türkmenistan tebigy gazyň ähli mümkinçiliklerini açýar. Bu ýagdaý içerki gaz önümçiliginiň dowamly giňelmegine, maýadarlary özüne çekmegine we tejribe alyşmagyň ýokarlanmagyna täsirini ýetirýär.

OIES-iň metbugat sekretary «OIES Türkmenistanda nebit-gaz pudagynda bolup geçen soňky wakalary yzarlamaga synanyşar» diýip, bu maksady takyklaşdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň