Minskiň köçelerinde we howa menzilinde Türkmenistan barada wideorolik görkezilýär

12:4715.11.2020
0
24831

 

Belarusyň paýtagtynyň we “Minsk” milli halkara howa menziliniň esasy ekranlarynda Türkmenistan barada wideorolik görkezilýär. Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy tarapyndan türkmen bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralan bu çäre Minskde 12-nji noýabrdan 16-njy noýabr aralygynda geçirilýär.

Şekilleriň üýtgemegi bilen açyk we reňkli sýužet onuň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary, Türkmenistanyň häzirki durmuşy, syýasat, ykdysadyýet, sungat we sport ugurlaryndaky üstünlikleri barada has köp zatlary bilmäge mümkinçilik berýär.

Wideorolik her 15 minutdan – sagatda 4 gezek ýa-da günde 96 gezek Belarus Respublikasynyň Merkezi sport köşgüniň meýdançasynda, iň köp hereketli köçeleriň biri bolan Nemigada, Garaşsyzlyk şaýoly bilen Lenin köçesiniň çatrygyndaky ýerasty geçelgede, şeýle-de “Minsk” milli halkara howa menzilinde guralan monitorlarda görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň