«Köpetdag» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Merkezi zolagynda çempion boldy

21:3014.11.2020
0
6094

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň Aşgabat şäheriniň zolaklaýyn ýaryşynyň onunjy tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde “Köpetdag” topary birinji orna mynasyp boldy ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

“Hasyly” kabul eden “Köpetdag” 3:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 25 utugy bilen birinjiligiň ýeňijisi bolup, jemleýji bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik aldy. 24 utuk toplan “Hasyl” ýaryşy ikinji orunda tamamlady.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Kerwen” “Binagäri” 5:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň jemi boýunça üçünji orny eýeledi.

Birinjiligiň jemi boýunça “Hasyl” toparynyň oýunçysy Ysmaýyl Öwekow derwezelere geçiren 10 goly bilen iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeledi.

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde geçirilýändigini bellemek gerek.

Birinjilikde ýeňiş gazanan toparlar jemleýji ýaryşda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň