Soňky habarlar

Arhiw

Gazpromyň Türkiýä gaz eksporty sentýabr aýynda iki esse artdy

10:1914.11.2020
0
599

Russiýanyň gaz ägirdi Gazprom bilen Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy tarapyndan berlen beýanda şu ýylyň sentýabr aýynda Türkiýä gaz iberilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 2 esse ýokarlanandygy mälim edildi.

Gazprom şu ýylyň sentýabr aýynda Türkiýä 1,92 milliard kub metr gaz iberdi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2 esse köpdür.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Gazpromyň Türkiýä iberýän gazy 1,017 milliard kub metr boldy. 

Şu ýylyň 9 aýynyň dowamynda bolsa, ýyl boýunça Russiýadan Türkiýä iberilen tebigy gazyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 25 göterim azaldy. Bu  döwürde iberilen tebigy gazyň mukdary 8,854 milliard kub metr hökmünde hasaba alyndy.

Russiýanyň iň uly eksport bazary bolan Germaniýa iberýän tebigy gazynyň mukdary 9 aýda 16 göterim azaldy we 31,185 milliard kub metre ýetdi. 

Gazpromyň Italiýa tebigy gaz eksporty bolsa 9 göterim peselip, onuň möçberi 16.003 milliard kub metr boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň