Soňky habarlar

Arhiw

Kaka etrabynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi

15:4913.11.2020
0
3975

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň hem-de Ahal welaýatynyň häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda "Keramatdyr bu toprak – ata-babalarymyzyň aýdany" atly maslahat geçirildi.

"Ahal durmuşy" gazetinde berilýän habara görä, bu maslahat ýurduň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Çykyş edenler Türkmenistanyň halkara guramalary we beýleki döwletler bilen netijeli gatnaşygyny we mukaddes türkmen topragynda bolup geçýän taryhy wakalaryň dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenleriň arasynda buýsanç duýgusyny döredýändigini bellediler.

Etrabyň medeni bölümi tarapyndan taýýarlanan dürli aýdym-sazly konsert programmasy maslahata aýratyn  bezeg berdi. Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjylar Abiwerd döwlet taryhy goraghanasynyň çäginde ýerleşýän taryhy we arheologiki ýadygärliklere baryp gördüler. Mäne Babanyň kümmeti myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Il­kin­ji türk­men sel­juk sol­tan­la­ry Çag­ry beg hem-de Tog­rul beg ta­rapyn­dan, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry ke­ra­mat­ly pir Abu Sa­gyt Abul Ha­ýy­ryň — Mäne ba­ba­nyň gu­bu­ry­nyň üs­tün­de gur­du­ry­lan bu ar­hi­tek­tu­ra ýa­dy­gär­li­gi­niň ta­ry­hy dog­ru­syn­da­ky gür­rüň­ler myh­man­la­ryň gy­zyk­lanma­sy­ny has-da art­dyr­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň