Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçiriler

23:4112.11.2020
0
4206

12-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanyna eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygymyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli onlaýn görnüşinde “Bitarap Türkmenistan-ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli onlaýn görnüşindäki halkara maslahaty Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklarynyň dowamynda ýetilen sepgitlere hem-de geljekki ugurlaryna özboluşly seljerme bolar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, onlaýn görnüşinde geçiriljek halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň