Soňky habarlar

Arhiw

Dekabr aýynda Türkmenistanda medeni dabaralaryň uly toplumy geçiriler

23:3912.11.2020
0
6857

12-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa dekabr aýynda boljak şanly senelere we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna guraljak baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, aň-bilim we sport çäreleri, media-maslahatlar guralar.

Ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin onlaýn tertibinde birnäçe halkara derejesindäki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

12-nji dekabrda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahaty, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli birnäçe çäreler meýilleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň