Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyga bagyşlanan halkara onlaýn maslahaty geçiriler

23:3612.11.2020
0
4587

«Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralygynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, 1-nji dekabrda onlaýn görnüşinde “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara maslahaty geçiriler. Bu barada döwlet Baştutanyna 12-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine bagyşlanan forumyň gün tertibine Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň möhüm şerti bolan halkara turba geçirijilerine bagyşlanan meseleler girizildi.

Halkara maslahatynyň dowamynda gaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary geçirmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp çärä öwrüljek hem-de ýurdumyza innowasion tehnologiýalary hem-de goşmaça maýa serişdelerini çekmäge ýardam etjek maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň