Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň ikinji saýlama tapgyry indiki ýylyň iýun aýynda tamamlanar

12:1712.11.2020
0
4196

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýaryşlary guramak baradaky komiteti 2022-nji ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň ikinji saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagtyny belli etdi. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

AFK-nyň degişli komitetiniň onlaýn görnüşde geçirilen ýygnagynda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň yklym boýunça ikinji saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň 2021-nji ýylyň 15-nji iýunda tamamlanjakdygy habar berildi. Şunda ýedinji we sekizinji tapgyryň duşuşyklaryny mart, dokuzynjy we onunjy tapgyrlaryň duşuşyklaryny bolsa iýun aýynda geçirmek meýilleşdirilýär. Yklymlaýyn saýlama duşuşyklaryň jemleýji bölegine 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda badalga berler.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öňdäki dünýä çempionatynyň we Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşlaryna «H» toparçada  gatnaşýar. Häzir milli ýygyndymyz 9 utuk bilen toparçada birinji orny eýeleýär. Biziň toparçamyzda Koreýa Respublikasynyň, Liwanyň, KHDR-nyň we Şri-Lankanyň ýygyndylarynyň hem bardygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň