Soňky habarlar

Arhiw

“El Capitan”-yň depesine 1 günde dyrmaşan ilkinji zenan

18:1711.11.2020
0
700

Amerikaly alpinist zenan Emili Harrington taryhy başarnyk görkezdi. Ol ABŞ-nyň Yosemite milli seýilgäh zolagyndaky dünýäde belli “El Capitan” gaýasyna erkin ýagdaýda 1 günüň dowamynda, 21 sagatda dyrmaşmagy başardy. Ol muny başaran ilkinji zenan, şeýle-de 4-nji ynsan hökmünde taryha girdi. Ol dyrmaşyp başlanyndan 21 sagat 13 minut 51 sekuntdan soň, dik uçut bolan we “Golden Gate” ady bilen tanalýan 1000 metrlik gaýanyň üstüne çykmagy başardy. Ol dyrmaşan mahaly aýagynyň typyp, kellesiniň daşa degendigini, 1 sagat dynç alanyndan soň, ýarasyny sargy bilen ýapyp, ýoluny dowam etdirendigini aýtdy. Ol goý bolsun etmekçi hem boldum. Gaty kyn boljakdygyny öňünden bilýärdim. Ýöne synanyşyp görmegä özümi borçly saýýardym. Ahyrynda-da dowam edip, maksadyma ýetdim diýip, dyrmaşmagyň nähili derejede agyr geçendigini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň