Türkmenistan şu ýylyň 8 aýynda Özbegistandan 1,2 million dollarlyk derman satyn aldy

12:2810.11.2020
0
6857

Özbek derman senagaty 2020-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistana 1,2 million dollarlyk derman eksport etdi.

Umuman alanyňda, Özbegistan 11 ýurda 11,5 million dollarlyk derman serişdelerini eksport etdi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasynda berilýän maglumata görä, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4 esse köpdür.

Gyrgyzystan özbek önümleriniň esasy satuw bazaryna öwrüldi. Has takygy, Gyrgyzystana şu ýyl 3,4 million dollarlyk derman satyldy. Gazagystan 2,1 million, Owganystan 1,5 million, Täjigistan bolsa 1,1 million dollarlyk derman satyn aldy.

Şeýle-de bolsa, Özbegistanda derman importy birneme azaldy. 8 aýyň dowamynda ýurduň derman senagaty 565,2 million dollarlyk önüm satdy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,8 million dollar azdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň