Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi

23:5508.11.2020
0
11481

Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzda Aşgabadyň atçylyk sport toplumy dabaralaryň merkezine öwrüldi, onuň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasynda oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny hormatlamak dabarasy boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ýaşulular, talyp ýaşlar bar.

Bu ýerde ýokary hasyl ussatlarynyň şanly zähmetleriniň hormatyna ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitleriň sergisi guraldy. Ol köpugurlylygy bilen ünsüňi özüne çekýär.

Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň sport mekdeplerinde terbiýelenýän ýaşlar öz ussatlyklaryny görkezdiler Uly sahnada bolsa estrada-aýdymçylarynyň hem-de ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň