Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: jogap duşuşygynda kambek eden «Şagadam» ýarym finala çykdy

19:0107.11.2020
0
4465

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynda janköýerler Balkan derbisine şaýat boldular. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji duşuşykda 4:2 hasabynda ýeňiş gazanan «Şagadam» «Nebitçiden» bu gezek hem ýeňilmedi.

Balkanabat şäherindäki Sport toplumynda geçirilen duşuşykda 2:0 hasabynda öňe saýlanan «Nebitçi» soňky 20 minut çemesi wagtyň içinde bu artykmaçlygy saklap bilmedi. «Şagadam» Aşyrgeldi Ylýasowyň we Merdan Gurbanowyň (11 m.j.u.) geçiren gollary bilen hasaby deňledi we ýarym finala çykdy. «Nebitçiniň» gollaryny Serdaraly Ataýew bilen Azat Garajaýew geçirdi.

Şeýlelikde, iki duşuşygyň netijesi boýunça 6:4 hasabynda üstün çykan «Şagadam» ýarym finalda «Köpetdagyň» garşydaşy boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň iki duşuşygyň netijesi boýunça «Merwden» üstün çykandygyny ýatladýarys.

Ýarym finalyň beýleki jübütleri «Altyn asyr» bilen «Ahal» bolar.

Ýarym final duşuşyklary 1-nji we 5-nji dekabrda, final duşuşygy bolsa 9-njy dekabrda geçiriler.

 “Nebitçi” – “Şagadam” – 2:2

Gollar: 49 SerdaralyAtaýew, 62 Azat Garajaýew ― 76 Aşyrgeldi Saryýew, 90+4 Merdan Gurbanow, (11 m.j.u.).

Duýduryşlar: 67 Mämmedaly Karadanow, 90+3 Nurtagan Mämmedalyýew ― 76 Aşyrgeldi Saryýew, 78 Merdan Gurbanow, 90+3 Yhlas Magtymow.

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň