Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: «Ahal» «Aşgabady» 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde ýeňip, ýarym finala çykdy

19:0007.11.2020
0
3105

«Aşgabat» we «Ahal» futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygy geçirildi.

Iki toparyň arasynda edil birinji duşuşykda bolşy ýaly, ikinji oýunda hem derwezelere ýekeje pökgi-de geçirilmedi. Eminler goşan ýarym sagatlyk wagtynda-da hasap açylmady. Şeýlelikde, ýeňiji 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde belli edildi. Bu gezek 4:2 hasabynda üstün çykan «Ahal» adyny ýarym finala ýazdyryp bildi.

Seýit Seýidowyň şägirtleri bu netije bilen ýarym finalda «Altyn asyryň» garşydaşy boldular. «Aragatnaşykçylar» «Energetigi» iki duşuşygyň netijesinde 10:0 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy.

Ýarym finalçylaryň beýleki jübüti bolsa «Köpetdag» bilen «Şagadam» boldy.

Kubok ýaryşynyň ýarym final duşuşyklary 1-nji we 5-nji dekabrda geçiriler. Kubogyň eýesi bolsa 9-njy dekabrda boljak final duşuşygyndan soňra belli bolar.

“Aşgabat” – “Ahal” – 0:0 (11 m.j.u. 2:4)

Duýduryşlar: 63 Azat Rahmanow ― 59 Ilýa Tamurkin.

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň