Daşoguzdaky hünärment mekdebiniň talyplary nebitgaz ulgamynda tejribesini baýlaşdyrýarlar

15:3007.11.2020
0
4237

Şu günler Daşoguz welaýat häkimliginiň №2 hünär mekdebiniň talyplary «Daşoguzgazçykaryş», «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliklerinde, Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynda we welaýatyň nebitgaz toplumynyň beýleki önümçilik edaralarynda nazary bilimler bilen bir hatarda önümçilik başarnyklaryny hem berkidýärler. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.

Amaly sapaklar geljekki geodeziýaçylara we nebitgaz işgärlerine uglewodorod serişdelerini gözlemegiň we olardan rejeli peýdalanmagyň, nebitgaz känleriniň seljermesini we çaklamalarynyň usullary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

«Türkmennebitönümleri» müdirliginiň kärhanalarynda talyplar gaz enjamlarynyň we serişdeleriniň ulanyş usullaryny, şeýle hem nebit önümleri bilen işlemegiň ýollaryny uly höwes bilen öwrenýärler.

2020-2021-nji okuw ýylynda sanly maglumatlary işläp taýýarlamak boýunça hünärmenleri taýýarlaýan fakultet dalaşgärleriň arasynda esasy isleg bildirilýänleriň biri boldy. Mugallymçylyk düzümi dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin işçi hünärmenleri taýýarlamaklyga ornaşdyryp, bilim bermegiň döwrebap usullarynyň gözleginde bolýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň