Soňky habarlar

Arhiw

Ak bugdaý etrabynda "Saglyk" binasy açyldy

23:5006.11.2020
0
8268

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Arçabil şaýolunyň ugrunda-- “Bagabat” şypahanasyna alyp barýan ýoluň esasy çatryklarynyň birinde gurlan “Saglyk” binasy açyldy.

“Saglyk” binasy Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça guruldy. Aşgabat şäher häkimliginiň 2-nji ýol gurluşyk kärhanasy baş potratçy, “Myhmansöýer” hususy kärhanasy kömekçi potratçy hökmünde çykyş etdi.
Umumy beýikligi 25 metre we gurluşyk meýdany 1256 inedördül metre barabar bolan bu bina ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryny hem-de Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri alamatlandyrýar.
Bu täsin bina ak reňkli 20 metrlik sütünleriň 8-sinden ybaratdyr. Şolar ýokarda altynsow halkalaryň bäşisi bilen birleşdirilýär. Olar ýurdumyzyň bäş welaýatyny alamatlandyrýar.
Binanyň çür depesinde möçberi 3,5 x 1,5 metre barabar bolan çanakda ornaşdyrylan, özüniň okunyň daşynda aýlanýan, beýikligi 4 metre barabar bolan “Saglyk” nyşany ýerleşýär. Üzärlik derman otunyň 27 baldagynda 27 sany düwmesi bilen gurşalyp alynmagy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň bellenýän senesini alamatlandyrýar.
Binanyň bezeginde halkymyzda gadymdan bäri dertlere derman hasaplanylýan dermanlyk ösümlikleriň – keýik okaranyň we üzärligiň ulanylmagy ata-babalarymyzyň iň gowy däpleriniň aýawly saklanylýandygyna hem-de biziň topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň köp keselleri bejermekde we onuň öňüni almakda giňden ulanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Binanyň özi diametri 40 metre deň bolan aýlawyň merkezinde ýerleşýär. Granitiň umumy meýdany 1 572 inedördül metrden gowrakdyr, mozaikanyň meýdany 68,15 inedördül metrdir.
Ägirt uly binanyň aşaky bölegini Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynyň hem-de döwrebap lukmançylyk merkezleriniň şekilleri bezeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň