Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: «Köpetdag» ― ilkinji ýarym finalçy

19:1206.11.2020
0
5674

Türkmenistanyň Kubogy ― 2020-niň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda «Merwi» ýeňen «Köpetdag» ýarym finala çykan ilkinji topar boldy. Duşuşyk Mary şäherindäki Sport toplumynda geçirildi.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 42-nji minutda Şazada Bäşimow geçirdi. Şeýlelikde, birinji duşuşykda hem 2:0 hasabynda üstün çykan «Köpetdag» iki duşuşygyň netijesi boýunça 3:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdy.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş ertir «Aşgabat» ― «Ahal», «Nebitçi» ― «Şagadam» we «Energetik» ― «Altyn asyr» duşuşyklary bilen dowam eder. «Nebitçi» bilen «Şagadamyň» arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi «Köpetdagyň» garşydaşy bolar.

 “Merw” – “Köpetdag” – 0:1

Gol: 42 Şazada Bäşimow.

Duýduryşlar: 66 Perman Hallyýew, 82 Döwlet Baýramow, 90 Pirmyrat Gazakow ― 28 Döwletmyrat  Seýitmuhammedow, 77 Şazada Bäşimow.

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: S.Gurbanow (Balkanabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň