Soňky habarlar

Arhiw

Moskwada Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

23:5605.11.2020
0
5615

2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Moskwada onlaýn ýagdaýda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Çäräni  Russiýanyň Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar instituty gurady. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory Jumamurat Gurbangeldiýew we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory Anatoliý Torkunow, Türkmenistanyň Russiýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nyýazlyýew, Gazagystan Respublikasynyň Russiýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ermek Koşerbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Russiýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Imomuddin Sattorow, Özbegistan Respublikasynyň Russiýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Botirjon Asadow, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň we ylmy jemgyýetiň wekilleri tegelek stoluň işine gatnaşdylar.           

Maslahata gatnaşanlar Halkara gatnaşyklaryndaky Bitaraplyk institutynyň mowzugyny  we Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky tejribesini, rus-türkmen gatnaşyklary meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.  Onlaýn ýagdaýda geçen tegelek stol maslahatynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň roly aýratyn bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň