Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» mobil operatory «Şahsy otag» programmasyny işe girizdi

01:2004.11.2020
0
24625

«Altyn asyr» mobil aragatnaşyk operatory müşderileri üçin mundan ozal «Töleg» mobil programmasyny taýýarlapdy. Indi bolsa käbir hyzmatlar üçin ýörite nokatlara barmak zerurlygy hem aradan aýrylýar. Mundan beýläk müşderiler mobil telefonlaryna «Şahsy otag» programmasyny ýükläp, islän hyzmatyny özbaşdak dolandyryp bilerler.

«Şahsy otag» nyrhnamany üýtgetmäge, hyzmatlary goşmaga we aýyrmaga, olar üçin töleg geçirmäge we gyzyklandyrýan sowallara jogap tapmaga mümkinçilik berýär. Programma häzirlikçe iOS we Android ulgamly telefonlar üçin elýeterlidir.

Programma bilen 0831 belgiden gelýän SMS arkaly işleşilýär. Onuň işleýşini ýeňilleşdirmek we ýönekeýleşdirmek üçin maslahatlar bölüminiň hem bardygyny aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň