125 müň dollara “Titanik” gämisiniň galyndysyna gezelenç

14:1303.11.2020
0
1449

Amerikaly bir şereket meşhur “Titanik” gämisiniň galyndysyny syýahatçylygyň hataryna goşmagy maksat edinýär. Äpet aýsberg bilen çaknyşyp, heläk bolan gämi häzirki wagtda ummanyň 3800 metr çuňlugynda ýatyr. Golaýda OceanGate Expeditions atly syýahatçylyk şereketi gäminiň galyndylaryny görmek isleýänler üçin ýeňil ýöne o diýen arzan bolmadyk hyzmat hödürleýär. Meşhur gäminiň galyndylaryny görmek isleýänler 125 müň dollary çykarmaly bolarlar.

1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde Angliýanyň Southempton şäherinden ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherine sary ýola düşen gämi 15-nji aprelde äpet aýsberg bilen çaknyşyp, heläkçilige uçrapdy. Şondan bäri ummanyň astynda ýatan gäminiň galyndylary köpleriň üns merkezinde bolmagyny dowam edýär. “Titanik” gämisiniň heläkçilige uçramagy bilen baglanyşykly meşhur režissýor Jeýms Kamerun film hem surata düşüripdi. 14 ugurda Oskara dalaşgär görkezilen film 11 heýkeljik gazanypdy. Filmde baş keşpleri Leonardo DiKaprio bilen Keýt Winslet janlandyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň