Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň içerki awtobus gatnawlaryna üýtgeşmeler girizildi

10:1002.11.2020
0
18649

Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýolynda  ýer asty we pyýada geçelgesiniň gurluşyk işleriniň tamamlanyp 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 28-den “Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna degişli bolan, 1-nji “Awtokombinat – Howa menzili”, 9-njy “Awtokombinat – “Bitaraplyk binasy”, 13-nji “Awtokombinat – Gurtly”, 16-njy “Teke bazar – Berzeňňi”, 20-nji “Wokzal – Saglyk ýoly”, 23-nji “Parahat 7 – Gurtly”, 34-nji “Wokzal – Kardiologiýa merkezi”, 37-nji “Wokzal – Kardiologiýa merkezi”, 38-nji “Awtokombinat – Teke bazar”, 55-nji “Wokzal – Älem medeni dynç alyş merkezi” hem-de 57-nji “Awtokombinat – Älem medeni dynç alyş merkezi” awtobus ugurlarynyň ozalky ugur boýunça awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirjekdigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

  •  1-nji “Awtokombinat – Howa menzili” ugur boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “A.Nyýazow şaýoly” bilen hereket edip, “Howa menzili” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna “Howa menzili” belleniş nokadyndan ugraýar “A.Nyýazow şaýoly” bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.  
  •  9-njy “Awtokombinat – “Bitaraplyk binasy” ugur boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “A.Nyýazow şaýoly – Garaşsyzlyk şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – Bitarap Türkmenistan şaýoly” bilen hereket edip “Bitaraplyk binasyna” barýar hem-de yzyna “Bitaraplyk binasyndan” ugraýar “Bitarap Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly” bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.  
  •  13-nji “Awtokombinat – Gurtly” ugur boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “A.Nyýazow şaýoly – Gündogar köçe – Oguzhan köçe – B.Annanow köçe – Oguzhan köçesi – N.Andalyp köçesi – A.Nyýazow şaýoly – A.Nowaýy köçe – D.Azady köçe – Görogly köçe – Taslama köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçe” bilen hereket edip “Gurtly” belleniş nokadyna  barýar hem-de yzyna “Gurtly” belleniş nokadyndan ugraýar “Ruhabat köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Taslama köçesi – Görogly köçesi – Tähran köçe – Magtymguly şaýoly – A.Annaýew köçe – Görogly köçe –A.Nowaýy köçe – A.Nyýazow şaýoly – N.Andalyp köçe – Oguzhan köçe – B.Annanow köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – A.Nyýazow şaýoly” bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.  
  •  16-njy “Teke bazar – Berzeňňi” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “M.Kaşgary köçe – D.Azady köçe – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – A.Nowaýy köçe – Magtymguly şaýoly –S.Türkmenbaşy şaýoly – Arçabil şaýoly – N.Andalyp köçe – Çandybil şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly” bilen hereket edip “Berzeňňi şypahanasyna” barýar hem-de yzyna “Berzeňňi şypahanasyndan” ugraýar “S.Türkmenbaşy şaýoly – Arçabil şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – D.Azady köçesi – A.Gowşudow köçesi” bilen hereket edip, “Teke-bazar” belleniş nokadyna gelýär.
  •  20-nji “Wokzal – Saglyk ýoly” ugur boýunça awtobus “Wokzal” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “Kemine köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – Oguzhan köçe – N.Andalyp köçe – Arçabil şaýoly” bilen hereket edip “Saglyk ýoluna” barýar hem-de yzyna “Saglyk ýolundan” ugraýar “Arçabil şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Arçabil şaýoly – 1970 köçe – Arçabil şaýoly – N.Andalyp köçesi – Oguzhan köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly” bilen hereket edip, “Wokzal” belleniş nokadyna gelýär.  
  •  23-nji “Parahat 7 – Gurtly” ugur boýunça awtobus “Parahat7” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “A.Garlyýew köçesi – 10 ýyl Abadançylyk köçe – N.Andalyp köçe – A.Nyýazow şaýoly – Garaşsyzlyk şaýoly – Galkynyş köçe – A.Nowaýy – D.Azady köçe – A.Annaýew köçe – G.Durdyýew köçe – Magtymguly şaýoly – Tähran köçe – Görogly köçe – Taslama köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçesi ” bilen hereket edip “Gurtly” belleniş nokadyna  barýar hem-de yzyna “Gurtly” belleniş nokadyndan ugraýar “Ruhabat köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Taslama köçe – Görogly köçe – Agzybirlik köçe – Esgerler köçe – Tähran köçe – Magtymguly şaýoly – A.Annaýew köçe – Görogly köçe – A.Nowaýy – Galkynyş köçe – Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – N.Andalyp köçe – Oguzhan köçe – A.Garlyýew köçe – Ý.Emre köçe – B.Annanow köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçe” bilen hereket edip, “Parahat 7” belleniş nokadyna gelýär.   
  •  34-nji “Wokzal – Kardiologiýa merkezi” ugur boýunça awtobus “Wokzal” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “Kemine köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – Arçabil şaýoly – Atatürk köçe – Arçabil şaýoly – 1970 köçe” bilen hereket edip “Kardioloiýa merkezine” barýar hem-de yzyna “Kardioloiýa merkezinden” ugraýar “1970 köçe – Arçabil şaýoly – Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly” bilen hereket edip, “Wokzal” belleniş nokadyna gelýär.   
  •  37-nji “Wokzal – Kardiologiýa merkezi” ugur boýunça awtobus “Wokzal” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “Kemine köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Garaşsyzlyk şaýoly – Arçabil şaýoly – Atatürk köçe – – Arçabil şaýoly – 1970 köçe” bilen hereket edip “Kardioloiýa merkezine” barýar hem-de yzyna “Kardioloiýa merkezinden” ugraýar “1970 köçe – Arçabil şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly” bilen hereket edip, “Wokzal” belleniş nokadyna gelýär.    
  •  38-nji “Awtokombinat – Teke-bazar” ugur boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “A.Nyýazow şaýoly – Ankara köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – D.Azady köçe – A.Gowşudow köçe” bilen hereket edip “Teke-bazar” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna “Teke-bazar” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “M.Kaşgary köçe – D.Azady köçe – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – A.Nowaýy köçe – Magtymguly şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Ankara köçe – A.Nyýazow şaýoly” bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.
  •  55-nji “Wokzal – Älem medeni dynç alyş merkezi” ugur boýunça awtobus “Wokzal” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “Kemine köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – “Aşgabat” stadiony – “Ýyldyz” myhmanhanasy – “Bagt köşgi” – Bitarap Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe” bilen hereket edip, “Älem medeni dynç alyş merkezine” barýar hem-de yzyna “Älem medeni dynç alyş merkezinden” ugraýar “10 ýyl Abadançylyk köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Oguzhan köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly” bilen hereket edip, “Wokzal” belleniş nokadyna gelýär.
  •  57-nji “Awtokombinat – Älem medeni dynç alyş merkezi” ugur boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “A.Nyýazow şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – “Aşgabat” stadiony – “Ýyldyz” myhmanhanasy – “Bagt köşgi” – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Arçabil şaýoly” bilen hereket edip, “Älem medeni dynç alyş merkezine” barýar hem-de yzyna “Älem medeni dynç alyş merkezinden” ugraýar “Arçabil şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly” bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

  Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 28-60-30, 28-60-80

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň