Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 22-nji tapgyr: «Altyn asyr» 6 minutda geçiren üç pökgüsi bilen «Merwi» ýeňdi

20:2431.10.2020
0
3802

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynda Mary şäheriniň «Merwinden» üstün çykdy.

Mary şäherindäki Sport toplumynda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Merw» 50-nji minutda Pirmyrat Gazakowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, «Altyn asyryň» 6 minutda girizen üç pökgüsine tap getirip bilmedi. Pökgüleriň ikisini Altymyrat Annadurdyýew, birini Mihail Titow geçirdi.

22-nji tapgyrdan soň utugyny 52-ä çykaran «Altyn asyr» şu möwsümde 50 utuklyk sepgide ýeten ilkinji topar boldy. «Aragatnaşykçylaryň» ýaryş tertibiniň hem başyny çekýändigini ýatladýarys. Topar indiki duşuşygyny myhmançylykda «Ahal» bilen geçirer.

20 utukly «Merw» bolsa altynjy orunda galdy. Topar indiki tapgyrdaky Mary derbisinde «Energetik» bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende möwsümiň iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýewiň 25-nji pökgüsini geçirendigini hem aýtmak gerek.

“Merw” – “Altyn Asyr” – 1:3

Gollar: 50 Pirmyrat Gazakow ― 63 (11 m.j.u.), 66 Altymyrat Annadurdyýew, 69 Mihail Titow.

Duýduryşlar: 54 Şaweli Seýitgulyýew, 58 Azat Orazmuhammedow ― 88 Bagtyýar Gürgenow.

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň