Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-niň sebitara ýaşlar modelini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi

15:2431.10.2020
0
1220

Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyna we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde 2020-nji ýylyň 27 - 29-njy oktýabrynda BMG-nyň sebitara modeliniň ilkinji konferensiýasy geçirildi. Bu barada neutrality.gov.tm habar berýär.

Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen BMG-nyň Aşgabatdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýa merkezi bilen bilelikde guraldy.

BMG-nyň gününe gabatlanan we wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen bu ýaşlar forumynda Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň birnäçe guramasynyň, hususan-da Baş Assambleýanyň, Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) we Baş Assambleýanyň Ikinji komitetiniň işiniň geçişi görkezildi.

Ýokarda agzalan BMG-nyň Modeliniň işine 120-den gowrak adam, hususan-da, diplomatiýa we halkara gatnaşyklary (akademiýalar, uniwersitetler we institutlar) hünäri bolan 15 sany ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplary, şeýle hem Aziýanyň we Ewropanyň 13 döwletiniň diplomatlary gatnaşdy.

Umumy mejlisleriň we köptaraplaýyn gepleşikleriň çäginde ýaş halkara bilermenler bitaraplyk ýörelgelerini wagyz etmek, öňüni alyş diplomatiýa we araçylyk gurallaryny güýçlendirmek, durnukly transporty we saglyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly maslahatlar geçirdiler.

Maslahata gatnaşyjylar, işiniň çäginde şuňa meňzeş çäreleri gurnap, BMG-nyň bu Modeliniň çäginde gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Forumyň netijesinde gatnaşyjylar tarapyndan ylalaşylan jemleýji resminamalar we kararlar kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň