Soňky habarlar

Arhiw

“Şalke” ýeňşi ýatdan çykardy

13:2831.10.2020
0
763

Germaniýanyň “Bundesligasynda” “Şalke-04” topary ýeňşi ýatdan çykardy. 6-njy tapgyryň açylyş duşuşygynda öz meýdançasynda “Ştutgart” bilen 1-1 deňme-deň oýnan gelsenkirhenliler çempionatda 22 oýunda bäri ýeňiş gazanyp bilenok. Topar soňky gezek 17-nji ýanwarda “Borussiýa M” toparyny 2-0 ýeňipdi. Şondan bäri topar 14 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy, 8 oýunda-da deňme-deň oýnady. “Şalke” topary häzirki wagtda tablissada iň soňky orunda barýar. Topar golaýda tälimçisini-de çalyşdy, ýöne muňa garamazdan ýeňiş gazanmakda kynçylyk çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň