Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün gije howanyň düzümindäki tozan bulutlary zerarly Aý mawy reňkde görner

13:2331.10.2020
0
1346

Howanyň düzümindäki tozan bulutlary sebäpli  şu gün gije Aýyň  bütin ýer ýüzüne mawy reňkde görünmegi  astronomiki hadysalar bilen baglanyşyklydyr. 

Adatça, Aý fazalarynyň netijesinde «dolan Aý» bir aýyň dowamynda bir gezek ýüze çykýar. Ýöne, astronomiki hadysalar  Aý fazalarynyň  uzak wagtyň dowamynda  «dolan Aýyň» bir  aýda iki gezek görünmegine-de sebäp bolup bilýändigini ylmy taýdan aýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, şu ýylyň  2-nji oktýabry  bilen 31-nji oktýabrynda, ýagny  bir  aýda iki gezek «dolan Aýy» görýäris. Bir aýda ikinji gezek ýüze çykýan «dolan Aýa» bolsa «Mawy Aý» diýilýär.  Şu gün  gije görünjek  «mawy Aý»,  76 ýyldan soň  ilkinji gezek dünýäniň çar künjeginden tomaşa ediler.

Aslynda, Aýyň reňki mawy bolmaýar, ýöne ýer ýüzüne ol mawy reňkde görünýär. Ýagny, wulkanlaryň  atylmagy ýa-da  ýerdäki tokaý ýangynlary sebäpli dörän tozan bulutlarynyň hereketi wagtynda «dolan Aý» belli bir möhlet mawy reňkde görünýär. Astronomlar hakykatdanam Aýyň reňkiniň üýtgemeýändigini, tozan bulutlary sebäpli mawy reňke meňzeýändigini habar berýärler.

«Mawy Aýyň» gök ýüzünde şu gün peýda boljakdygynyň anyk taryhy senesini bolsa  Amerikanyň milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy  bolan NASA şereketi mundan birnäçe hepde öň yglan etdi.
Şu gün ikinji «dolan Aý» – «Mawy Aý» sagat 18: 28-de  dogup başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň