TÝL ― 2020: ertir dördünji aýlawa badalga berler

16:3130.10.2020
0
222
TÝL ― 2020: ertir dördünji aýlawa badalga berler

Ertir ― 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda jemleýji ― dördünji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berler. Duşuşyklaryň ikisi Mary, galan ikisi Aşgabat we Balkanabat şäherlerinde geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan berlen dördünji aýlawyň ilkinji, umumy çempionatyň bolsa 22-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri baradaky maglumatlary okyjylarymyz bilen paýlaşýarys:

22-nji tapgyryň duşuşyklary:

31.10.2020 ý. (şenbe)

 “Energetik” – “Köpetdag”

Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

 

 “Aşgabat” – “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), P.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

 

 “Nebitçi” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

 

“Merw” – “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň