Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň hytaý dilindäki tanyşdyryş dabarasy boldy

15:1730.10.2020
0
239
Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň hytaý dilindäki tanyşdyryş dabarasy boldy

Türkmenistanyň Ilçihanasy “PetroChina”  kompaniýasynyň ýardam bermeginde Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Nebit we Gaz Korporasiýasynyň (KNK) baş edarasynyň Kunlun kabul ediş zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri, HHR-nyň Daşary işler ministrliginiň Ewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary departamentiniň başlygynyň orunbasary hanym Liu Jinpin, HHR-iň Türkmenistandaky täze Ilçisi Sian Naýçen, KNK-nyň wise-prezidenti - “PetroChina”  kompaniýasynyň prezidenti Duan Lianweý, Hytaýyň Döwlet energetika müdirliginiň wekilleri,  Daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň wekilleri, alymlar we KHBS wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýazylan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň KNK tarapyndan amala aşyrylan hytaý dilinde ilkinji akademiki neşiriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna sowgat bolandygyny aýtdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary departamentiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabyndan getirilen jümlelere esaslanyp, hytaý okyjylarynyň türkmenleriň milli gymmatlyklary we türkmen halkynyň häsiýetleri barada aýdyň düşünje aljakdygyna çuňňur ynam bildirdi.

KNK-nyň wise-prezidenti - “PetroChina” -nyň prezidenti bu kitabyň hytaý okyjylary üçin türkmen döwletliliginiň düýp gelip çykyşyny öwrenmäge möhüm goşant goşjakdygyny aýtdy.

Dabaranyň ahyrynda myhmanlara we okyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň nusgalary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň