Soňky habarlar

Arhiw

Telefon satuwynda “Samsung” öňde

15:0630.10.2020
0
1272

2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde global bazarda telefon satuwy barada maglumat berildi. “International Data Corporation” tarapyndan ýaýradylan maglumatda “Samsung” öňdeligi eýeleýär. Maglumatlara görä, üç aýyň dowamynda dünýäde jemi 353,6 million telefon satylypdyr. Bu görkezijiniň 80,4 millionynyň koreý brendine degişlidigi mälim edildi. Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy 51,9 million smartfon satypdyr. Arzan bahaly telefonlary öndürmegi bilen tapawutlanýan “Xiaomi” kompaniýasy degişli döwürde 46,5 million smartfon ýerläpdir.telefon satuwynda dördünji ýeri eýeleýän “Apple” kompaniýasynyň satuwy bolsa, geçen ýyl deňeşdirilende, 10,6 göterim peselipdir. Golaýda “iPhone 12” seriýasyny satuwa çykaran kompaniýanyň satuwynyň ýylyň soňky çärýeginde görnetin artmagyna garaşylýar. Maglumatda beýleki kompaniýalaryň jemi 101,7 million smartfon satyp, bazaryň 28,8 göterimini emele getirendikleri mälim edildi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň