«Türkmenstandartlary» gysga wagtlaýyn okuwlary guraýar

13:2130.10.2020
0
8873

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Türkmen standartlar maglumat merkezi ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň standartlaşdyrmak, metrologiýa, zähmeti goramak ugurlary boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrmaklary we kämilleşdirmekleri üçin şu aşakdaky ugurlar boýunça, isleg bildirýän taraplaryň arzalary esasynda gysga möhletleýin okuwlary hödürleýär:

1. Standartlaşdyryş, önümleriň hili we standartlaryň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligi;

2. Önümleri (hyzmatlary), önümçiligi we hil ulgamyny sertifikatlaşdyrmak, synag barlaghanalaryny (merkezlerini) akkreditirlemek we attestatlaşdyrmak;

3. Metrologiýanyň esaslary we metrologik üpjünçiligine döwlet gözegçiligi;

4. Zähmeti goramak we senagat howpsuzlygy;

5. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden deňeşdirip barlaýjylary aýratynlykda taýýarlamak;

6. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň deňeşdirip barlaýjylaryny gaýtadan attestatlaşdyrmak.

7. Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmeti goramagy dolandyrmagyň ýeke-täk ulgamy.



 

Okuwa ýazylmak üçin gerekli resminamalar:

1. Arza (doly ady, eýeleýän wezipesi görkezilmeli);

2. Zähmet depderçesiniň nusgasy (ugry boýunça iş stažy azyndan 3 ýyl bolmaly);

3. Ugry boýunça ýokary ýa-da orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň nusgasy;

4. Pasportyň nusgasy.

Merkeziň salgysy: Aşgabat şäheri, Oguz han köçesiniň 201-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-25-36; 39-25-76, 95-56-38, 95-56-37.

Internet sahypasy: www.turkmenstandartlary.gov.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň