Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» taýýarlanylýar

11:5430.10.2020
0
8701

29-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanyna «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Raýatlaryň şypahana edaralarynda dynç almagy hem-de saglygyny berkitmegi üçin mundan beýläk hem has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak babatda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Bu Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri raýatlaryň şypahana hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmakdan hem-de saglygyny goramak we keselleriň öňüni almakdan, saglygyny dikeltmekden hem-de berkitmekden, iň öňdebaryjy usullary ulanmak arkaly şypahana hyzmatynyň ýokary hilini we amatly elýeterliligini üpjün etmekden hem-de ilatymyzyň ömür dowamlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagy ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da pugtalandyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirip, şypahana edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, tebigy bejeriş serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga, ýurdumyzda we halkara bazarynda şypahana hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullady hem-de raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmak babatda şypahana ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Ýurtda bejeriş hem-de melhemlik mümkinçiliklerine eýe bolan täze şypahanalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde gurulýan şypahana bar.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow şypahana düzümini mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere şypahanalaryň işine we hödürleýän hyzmatlarynyň hiline, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň