Soňky habarlar

Arhiw

Kaka we Wekilbazar etraplarynda banandyr sitrus ýyladyşhanalary gurlar

11:5330.10.2020
0
6261

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjowa dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýurdumyzda banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin döwrebap ýyladyşhanalaryň gurluşygy hakyndaky teklipleri döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýyladyşhanalary gurmak teklip edilýär.

Ýyladyşhanalaryň taslamalaryna laýyklykda, olar häzirki zaman suwaryş usullaryny ulanmakda täzeçil enjamlar bilen üpjün ediler. Toplanan tejribeleri nazara almak bilen, banan, mandarin, apelsin we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek, banan we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça taslamalary makullap, halkara söwdasynda, harytlary ugratmakda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek, daşarky bazaryň isleglerini öwrenmek meseleleriniň wajypdygyny belledi hem-de döwletimiziň orta we kiçi telekeçilige giňden goldaw bermek syýasatyny dowam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere degişi tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň