Soňky habarlar

Arhiw

2068-nji ýylda äpet asman daşy Ýere gaçyp biler

15:0529.10.2020
0
2635

Alymlar 3 futbol meýdançasynyň ululygyndaky «Apep» (99942 Apophis) atly asman daşynyň 2068-nji ýylda Ýere gaçyp biljekdigini mälim etdiler.

Gawaý uniwersitetiniň Astronomiýa institutynyň alymlary 3 futbol meýdançasynyň ululygyndaky «Apep» atly asman daşynyň  (meteoritiň)  tizliginiň kem-kemden çaltlaşýandygyny we ugruny üýtgedip, 2068-nji ýylda Ýere gaçyp biljekdigini habar berdiler.

Şu wagta çenli geçirilen hasaplamalar äpet asman daşynyň Ýeriň golaýyndan geçip gitjekdigini görkezdi. Ýöne, indi asman jisiminiň yzyndan barýan ýoluň üýtgändigi we Ýere howp salýandygy mälim edildi.

Bilşiňiz ýaly, Ýeriň atmosferasyna girýän uly we kiçi asman daşlary atmosfera tarapyndan bozulýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, alymlaryň pikiriçe, «Apep» (99942 Apophis) atly asman daşy  özüniň äpet ululygy sebäpli Ýere gaçyp biler.

Alymlaryň bellemegine görä, äpet asman daşy Ýere degse, Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde atylan atom bombasyndan 65,000 esse köp zyýan ýetirer.

Şeýle hem äpet asman daşynyň 2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde Ýere gaty ýakynlaşjakdygy we göz bilen görüp boljakdygy aýdylýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň