“Türkmentelekom”-yň “Colocation” hyzmatynyň artykmaçlyklary

10:3529.10.2020
0
13737

“Turkmentelekom”-yň “colocation” hyzmaty, ýörite “howa ulgamy” gurnalan, üznüksiz esasy hem-de ätiýaçlyk güýji üpjün edilen we ähli ýangyn howpsuzlygy şertleri berjaý edilen otaga ýörite öz enjamlaryňyzy ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.

“Turkmentelekom” maglumat merkezinde enjamlary ýerleşdirmek üçin ýörite serwerleriň birini ýa-da tutuşlygyna ýörite tekjäni kärendesine almak bolýar.

“Colocation” hyzmatynyň artykmaçlyklary:

  •  Awtonom güýç ulgamy esasynda üznüksiz iş alyp barmak mümkinçiligi;
  • Ýörite IPv4 salgysy;
  • Kiçi gijikdirmeler bilen ýokary tizlikli aragatnaşyk kanallary;
  • Tejribeli inženerleriň we ulgam dolandyryjy hünärmenleriň professional goldawy;
  • Çäklendirilmedik aragatnaşyk;
  • Enjamlaryňyzyň howpsuzlygy üçin mikroklimaty saklamak;
  • Gije-gündiziň dowamynda howpsuzlyk hem-de giriş gözegçiligi.

Enjamlary ýerleşdirmegiň bahasyny hasaplamak üçin, “Turkmentelekom” web sahypasyndaky ýörite onlaýn hasaplaýjyny ulanyp bilersiňiz.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň