Soňky habarlar

Arhiw

"Belawia" Aşgabada gatnawlaryny ýatyrmagyň möhletini uzaltdy

23:3328.10.2020
0
13455

Belarus Döwletiniň “Belawia” awiakompaniýasy Aşgabada gatnawlaryny ýatyrmagynyň möhletini 9-njy dekabra çenli uzaltdy diýip, Sputnik agentligi habar berýär.

“Bu gatnawlaryň ikinji gezek togtadylmagy, Minskden Aşgabada indiki uçuş 15-nji dekabrda bolar” – diýip, “Belawia” awiakompaniýasy agentlige mälim edýär.

Belarus awiakompaniýasy Budapeşte, Almaata, Riga, Talline, Larnaka we Gruziýanyň ähli nokatlaryna gatnawlaryny togtadýar.
Ýolagçylar ýatyrylan gatnawlar üçin petekleriň puluny yzyna gaýtaryp ýa-da 2021-nji ýylyň 30-njy martyna çenli uçuş senesini üýtgedip bilerler. Bu soraglar boýunça kassalara, kompaniýanyň wekilhanalaryna we kömek gullugyna ýüz tutmak bolýar.
Ýatlap geçsek, “Belawia” Minsk – Aşgabat – Minsk ugry boýunça hepdede bir gezek Boeing 737 uçarlary bilen yzygiderli gatnawy amala aşyrýardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň