2022-nji ýyla çenli Ýewropa ilatynyň 40 göterimine COVID-19 sanjymy ediler

17:4928.10.2020
0
958

Ýewropa Bileleşiginiň 450 million raýatynyň 2022-nji ýyla çenli ýeterlik mukdarda sanjym almagyna garaşylmaýar. Ýewropa Bileleşiginiň işgärleri 2021-nji ýylyň ahyryna çenli yklymyň ilatynyň diňe 40 göterimine sanjym edilip bilinjekdigini çaklaýarlar.

Ýewropa Bileleşigi şu wagta çenli üç dürli kompaniýa bilen jemi 1 milliard doza sanjym üçin şertnama baglaşdy, ýöne bu sanjymlaryň gijikdirilmegi, pikir edilişi ýaly täsirli bolmazlygy ýa-da düzümindäki maddalar sebäpli ýeterlik mukdarda öndürilmezligi ähtimal.

Ýewropa Bileleşigi Ýewropada bar bolan üç kompaniýadan başga-da azyndan dört kompaniýa bilen sanjym şertnamalaryny baglaşmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Ýewropa Bileleşigi şu wagta çenli “Astra Zeneca”,  “Sanofi” we “Johnson & Johnson” şereketleri bilen  şertnama baglaşdy. “Moderna”, “Pfizer” we “CureVa” kompaniýalary bilen gepleşikler dowam edýär.

Ýewropa Komissiýasynyň işgärleriniň agza döwletleriň diplomatlaryna beren hasabatlaryna esaslanyp, “Routers” habarlar gullugynyň beren maglumatyna görä, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli tutuş Ýewropa ilaty üçin sanjymlaryň ýeterlik däldigi aýan edildi.

Käbir Ýewropa ýurtlary öz raýatlary üçin sanjymlary mugt berjekdiklerini aýdýarlar, ýöne bu ýagdaý her bir döwlet üçin dürli kynçylyklara sebäp bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň