Argentinada 70 million ýyllyk dinozawr galyndylary tapyldy

17:4328.10.2020
0
292
Argentinada 70 million ýyllyk dinozawr galyndylary tapyldy

Günorta Amerika ýurdy bolan Argentinanyň demirgazygyndaky La Rioja ştatynda takmynan 70 million ýyllyk dinozawryň galyndylarynyň tapylandygy mälim edildi.

La Rioja ştatynyň häkimi Rikardo Kwintela özüniň twitter sahypasynda takmynan 70 million ýyllyk dinozawr galyndylaryndan we ýüzlerçe ýumurtga galyndylaryndan ybarat bir höwürtgäniň, La Rioja ştatynyň Winçina welaýatynyň Santa Domingo sebitinde tapylandygyny habar berdi.

Kwintela bu açyşyň "Communications Biology" (“Aragatnaşyk biologiýasy”) žurnalynda çap edilendigini we dinozawryň galyndylarynyň ösümlikli, uzyn boýly “Titanozorlar” diýlip atlandyrylýan dinozawrlaryň iki täze görnüşine degişlidigini düşündirdi.

5 ýyllyk gözlegiň netijesinde açyşy “daş ylmy hazynasy” hökmünde häsiýetlendiren Kwintela, sebitiň syýahatçylygyna goşant goşjakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň