Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň ýolbaşçysy täzelendi

17:3028.10.2020
0
573

Ýakynda Lebap welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň 8-nji mejlisi geçirildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Mejlise guramanyň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary, talyplar gatnaşdylar. Onda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde guramanyň alyp barýan işlerine we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrundaky tagallalara seljerme berildi.

Soňra mejlisiň gün tertibine geçildi. Gün tertibiniň birinji meselesi hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Ýaşlar guramasynyň 6-njy gurultaýynda guramanyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek, Watanyň geljegi bolan ýaş nesliň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlandy. Mejlisiň gün tertibinde guramaçylyk meselelerine seredilip, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň wezipesine Durdy Mämedow bellenildi we welaýat geňeşiniň mejlisiniň müdiriýetiniň agzalygyna girizildi.

Häzirki wagtda welaýat boýunça guramanyň 1 sany şäher we 10 sany etrap geňeşi bilelikde we aýry-aýrylykda dürli jemgyýetçilik çärelerini, wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň