Arhiw

Türkmenistan Hytaýa gaz ibermekde öňdebaryjylygyny saklaýar

15:3928.10.2020
0
830

2020-nji ýylyň awgust aýynda Hytaýa turbageçirijiler arkaly 3,853 milliard kub metr gaz import edildi.   

2020-nji ýylyň awgust aýynda üpjünçiligiň mukdarynyň birneme azalandygyna garamazdan, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyny turbageçiriji gazy bilen üpjün etmekde öňde barýar. Bu barada Hytaý gümrükhanasynyň resmi web sahypasy habar berýär.

Maglumatlara görä, turbageçiriji arkaly şu ýylyň awgust aýynda Hytaýa umumy importyň 3,853 milliard kub metr bolandygyny göz öňünde tutsak, Türkmenistandan turbageçiriji arkaly iberilýän gazyň üpjünçiligi 3,4% azaldy (2,276 milliard kub metre).

2020-nji ýylyň awgust aýynda Hytaýa turbageçiriji gazynyň iberilmeginiň global energiýa kompaniýasy hasaplanýan Gazpromdan başga beýleki üpjün edijiler tarapyndan azalandygyny hem bellemelidiris: Türkmenistan bilen goňşy Özbegistan — 0,7%, Gazagystan — 1,4%, Mýanma — 0,2%.

2014-nji ýylyň maý aýynda Gazprom bilen Hytaýyň CNPC-i gündogar marşruty arkaly rus gazyny satyn almak-satmak şertnamasyna gol çekildi. Şertnama 30 ýyl möhlet bilen baglaşyldy we her ýyl 38 milliard kub metr gaz iberilmegi göz öňünde tutulýar.

Hytaý gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, sentýabr aýynda Türkmenistan Hytaýa gaz ibermekde öňdebaryjy orny eýeledi. Häzirki wagtda CNPC, Türkmenistanda ýerleşýän Siçuan nebit gurluşyk kärhanasy bilen bilelikde Amyderýanyň sag kenarynda 3 gaz ýatagynyň önümçilik infrastrukturasynyň gurluşygyna başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň