Türkmenistanda konsullyk hyzmatlary onlaýn usulda alnyp barlar

09:3428.10.2020
0
613

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi raýatlary konsullyk ýazgylarynda hasaba almagyň tertibini sanlylaşdyrmak we resminamalary tassyklamagy internet arkaly ýönekeýleşdirmek maksady bilen, ýurduň konsullyk hyzmatlary üçin programma üpjünçiligini satyn almakçy bolýar. Bu barada TM Cars habar berýär.

Programma üpjünçiligi bilen üpjün edijini 30-njy oktýabrda döwlet satyn alyş auksionynyň çäginde kesgitlemek meýilleşdirilýär. Çäre Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda bolar.
Daşary ýurtlaryň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň konsullyk hyzmatlary ýurduň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Olar notariusyň wezipelerini ýerine ýetirýärler, konsullyk kanunlaşdyrmasyny alyp barýarlar we beýleki hyzmatlary edýärler.
Konsullyklar daşary ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we durmuş-medeni hyzmatdaşlygyň ösmegine hem goşant goşýarlar. Hyzmatlaryň sanlylaşdyrylmagy olara fiziki şahslar bilen gatnaşyklary aňsatlaşdyrmaga we gündelik proseduralary çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň